Lakamym:
Açarsöz:
Menem araňyza goşaýyňda?!
Wah, Men paňkelle ýene-de unutdym
Ayhan Hajyyew we Magtymgulynyn portredi. | Umumy gürrüňdeşlik | Teswirler

Ayhan Hajyyew we Magtymgulynyn portredi. (Umumy gürrüňdeşlik)

Ayhan Hajyyew (1924-1998) - Turkmenistanyn belli suratkeshi, Magtymguly adyndaky dowlet bayragynyn we "Gayrat" medalynyn lauready. 1950-nji yylda Ayhan Hajyyew, W.I. Surikow adyndaky Moskwa dowlet sungat akademiyasyny tamamlayar, onyn ilkinji halypasy bolsa, turkmen surat sungadynyn atasy Bashim Nuraliyew bolyar.




Ayhan Hajyyewyn doredijiligi dine Turkmenistanda dal-de, eysem dashary yurtlarda hem tanalman duranok. Onyn belli suratlarynyn arsaynda Dowletmammet Azady, Mollanepes we Magtymguly Pyragynyn suratlary bar. Indi men shutayda gozgamak isleyan mowzugym, shu atdashymyn cheken portlerlaryndaky shekiller, a imenno Magtymgulynyn shekili onyn oz gozyetimi esasynda chekilen. Magtymgulynyn dash keshbi edil shu suratkeshin chekishi yaly bolmagam ahmal, bolmazlygam. Yone shu wagt Magtymguly diyilse akla dine Ayhan Hajyyewyn cheken shekile gelyar. Belki Magtymguly bashga hili bolandyr?  Yuzi uzyn dalde, tegelek bolandyr, burny uly dalde kichi bolandyr we sh.m...




Siz nahili pikir edyaniz?


Ses berilşik ýok.


Halanan (4)
Jemi 26 sany teswir.
Okalan sany: 3824

Pikirlerde paýlaş

06, Ýanwar-2011ý (18:37)


Sapienti sat
06, Ýanwar-2011ý (18:38)
Jogapla +1

Shu site-da ine, tuweleme, kab, aslymarly, didar yaly edebiyachy, dilchi agzalarymyn kan eken. Sholaryn hem pikirleri gyzykly, belki Ayhan Hajyyew suratlary shekillendirende Magtymgulynyn oz goshyglaryna ymtylyp shekillendirendir?

Sapienti sat
06, Ýanwar-2011ý (18:39)
Jogapla +2

Edebiyat sapagyndan bilishim yaly, neberelerinden sorap, sholaryn suratlandyryshy yaly chekipdirler - diyip bilyan, hany Didar gelneje name diyer?

Hz.Hamzanyn aydyshy yaly: "Gozumin goryan zadyndan gorkamok!!!"
06, Ýanwar-2011ý (18:44)
Jogapla +2

Garrygala da bir dag bar, şona agşamrak seredende, edil Magtymgulyn keşbi çykyar.. Şol surady görüpdim, edil şu suratdaky Magtymguly keşbi çykyar, gudratmy diysen, yada Ayhan Hajyyew düyşündemi görüpdirmi bilmedim..

06, Ýanwar-2011ý (18:45)
Jogapla +1

Men hazirlikche beylekileri dinlejek. Yone hokman oz pikirimi yazaryn shu gun.

Herna dunya togalak...
06, Ýanwar-2011ý (18:47)
Jogapla +2

Edibiýata we Sungata düshinemok dostym, ýöne shunyñ ýaly gyzykly tema açynyña sagja bol diýesim gelýä.

06, Ýanwar-2011ý (18:47)
Jogapla +1

Arlaneo:
Garrygala da bir dag bar, şona agşamrak seredende, edil Magtymgulyn keşbi çykyar.. Şol surady görüpdim, edil şu suratdaky Magtymguly keşbi çykyar, gudratmy diysen, yada Ayhan Hajyyew düyşündemi görüpdirmi bilmedim..
menem gorupdim shol dagy we yuzlerche gezek synlapdym. BU dagyn suratyny hem shol obaly bir hudojnik N-dagda chekipdir. Yalnyshmadsama suratkeshin familiyasy Hydyrow bolmalydy.Ol dag Arapjyk diyen obadady.

Herna dunya togalak...
06, Ýanwar-2011ý (18:47)
Jogapla +2

Kabir taryhyng aytmagyna gora Magtymguly tegelek yuzli diyip hem eshidipdim,belki nadogry bolmagy hem ahmal.

Goryan zadyng-haysy niyet bilen seredishinga bagly!
06, Ýanwar-2011ý (18:48)

Men pikirimche, Nurynyn aydyshy yaly neberelerinden soran bolmagy mumkin we Magtymguly dowurde yashan bashga shahyrlaryn ya-da Magtymgulynyn ozi barada yazan goshgularyndan shekillendirendir.

Sapienti sat
06, Ýanwar-2011ý (18:51)

Arlaneo, Didar, sizde ol dagyn surady yokmy? Men, Gokdere-de (Chuli) onki Дом Отдыха-nyn yanynda-da sheyle bir dag gorupdim, gysharyp seretsen Ayhan Hajyyewin portredindaki Magtymgulynyn shekline menzeyar.

Sapienti sat
06, Ýanwar-2011ý (18:53)
Jogapla +1


Surady yok, men bir wideon içinde gördüm.. yöne tm gidemde tapjak bolaryn..

06, Ýanwar-2011ý (23:38)
Jogapla +1

bokjak

In Yakyn Dostun KITAPDYR
06, Ýanwar-2011ý (23:39)
Jogapla +1


06, Ýanwar-2011ý (23:49)
Rowsen gok goz:
bokjak



Bokjak name?

Sapienti sat
07, Ýanwar-2011ý (00:14)
Jogapla +2

Aýhan Hajyýewiň Magtymgulynyň bu suratyny nähili ýagdaýlary göz öňünde tutup, döredendigini bilemok. Şol bir wagtyň özünde men belli suratkeşimiziň bu suraty bilen doly ylalaşyp bilemok. 
Sebäpleri:
1. Sakalynyň ymamy ýok. Magtymguly ýaly alym adam ymamsyz sakal goýbermez. Elbetde, Aýhan Hajyýew şerigaty gowy bilmeýänligi sebäpli muňa kän dykgat eden däldir.
2. Çüri telpegi. Aýhan Hajyýewiň şeýle formadaky telpegi geýdirmeginiň asyl sebäbini anyk bilemok. Ýöne çüri telpek türkmen taryhynda, esasanam 18-nji asyrda hiç bir çeşmede gabat gelmedi.
3. Türkmenleriň süňňi hojalardan we garaçydan ybarat. Magtymgulynyň ižtimagy gelip çykyşynyň öwlat däldigi anyk. Garaçylar hem iki topara bölünýär. Ig we gul. Gökleň türkmenlerinde 18-nji asyrda-ha däl, 21-nji asyrda hem gul gaty az sanly. Muny Didar agza tassyklap biler. Men Magtymgulynyň süňňüniň igdigine hiç hili şübhe edemok. Emma suratda muny tassyk edýän elementler ýok diýerlikdir.
4. Obrazyň gussasy kem diýip pikir edýän. 

Kab
07, Ýanwar-2011ý (01:28)
Jogapla +1

Arlaneo:
Garrygala da bir dag bar, şona agşamrak seredende, edil Magtymgulyn keşbi çykyar.. Şol surady görüpdim, edil şu suratdaky Magtymguly keşbi çykyar, gudratmy diysen, yada Ayhan Hajyyew düyşündemi görüpdirmi bilmedim..

uytgeshik zat.goresim geldi.bolmasa dushuner yaly dal. nadip gorunya? dagyn yuzune surat chekilenmi? name uchin agshamara gorunya?

07, Ýanwar-2011ý (03:06)
Jogapla +1

kab:

Aýhan Hajyýewiň Magtymgulynyň bu suratyny nähili ýagdaýlary göz öňünde tutup, döredendigini bilemok. Şol bir wagtyň özünde men belli suratkeşimiziň bu suraty bilen doly ylalaşyp bilemok. 


Sebäpleri:


1. Sakalynyň ymamy ýok. Magtymguly ýaly alym adam ymamsyz sakal goýbermez. Elbetde, Aýhan Hajyýew şerigaty gowy bilmeýänligi sebäpli muňa kän dykgat eden däldir.


2. Çüri telpegi. Aýhan Hajyýewiň şeýle formadaky telpegi geýdirmeginiň asyl sebäbini anyk bilemok. Ýöne çüri telpek türkmen taryhynda, esasanam 18-nji asyrda hiç bir çeşmede gabat gelmedi.


3. Türkmenleriň süňňi hojalardan we garaçydan ybarat. Magtymgulynyň ižtimagy gelip çykyşynyň öwlat däldigi anyk. Garaçylar hem iki topara bölünýär. Ig we gul. Gökleň türkmenlerinde 18-nji asyrda-ha däl, 21-nji asyrda hem gul gaty az sanly. Muny Didar agza tassyklap biler. Men Magtymgulynyň süňňüniň igdigine hiç hili şübhe edemok. Emma suratda muny tassyk edýän elementler ýok diýerlikdir.


4. Obrazyň gussasy kem diýip pikir edýän. 

 men umuman uzak yyllap sheyle pikirdedim. kab bilen hempikirdim.
 
Ayhan Hajyyewin bu cheken suraty hakda uzak wagtlap jedel gitdi. hatda son sonlar birnache suratkeshler uytgetmage hem synansyhdylar. Magtymgulyny selleli, telpekli, ay garaz churi telpekden bashga her zat geydirip gorduler.Barybiir ilkinji gezek chekilen Ayhan Hyjynyn Magtymgulysyny biz anymyzdan syryp bilmedik.  Menin ozuma Magtymgulynyn portretine seredenimde ( mende el bilen chekilen uly portreti oyumin dulunda asylandyr) Muny menin oyumde myhman bolan Ejegul we Mengul agzalar tassyklap bilerler.
 hich wagt onun sakgalyna,telpegine ,donuna unsum chekilmeyar. Onun Magtymgulydygyna koprak uns beryan. Bilshimiz yaly aradan tas 300 yyla golay wagt gechipdir. Ol wagtlardaky goklenlerin geyyan dony,telpegi,ya-da magtymgulynyn geyayjek zadyny kesgitlap aydaymak ansat dal.  Yuz keshbi hakynda bolsa Ayhan hajy ,, Magtymgulyny goreni gordum,, diyyan bir adamdan onun keshbini yazyp alypdyr. Son-sonlar Azadynyn suraty chekilende bolsa onun Eyrandaky garyndashlaryndan Ata ishanyn ozune menzedip chekilenini gorenimde gulkim tutdy dogrusy. Sebabi suratdaky Azady dal-de Ata ishandy. Kichijik yuzli, saryja,boylary gysga boyly,kichirak kellei we seyrek sakgally Ata isha menzediljek bolyan Azadyny men-a dogrusy hich kabul etmedim. Magtymguly goklenlerin gerkez taypasyndandyr. Gerkez bolsa beyleki turkmenler yaly ig we gula bolunyandir. Yone Magtymguly hakyndaky maglumatlara dayansak ,onun igdigi hakynda maglumat yokmuka diyyan. Gerkezlilerde kemer,hangeldi,garaja,gyshyk,onbegi,ozbek,waga,kopek,owshar kopek,yaby kopek,chashy  we bashgada birnache ownuk taypalar bardyr. Yone  Magtymgulynyn buownuk tirelerin haysyna degishlidigi hakynda dine rowayatlar bar. Meselem kemer tiresinden bolan Zelili Magtymgulynyn yegenidir. Garaja tiresi bolsa hut Magtymgulynyn taypasydyr,Ata ishanyn nebereleri bolsa gyshykdyr. Magtymgulytnyn gyshyklar bilen dine dayy yegen garyndashlygy bardyr.  Eger sheyle bolsa ,onda Magtymguly gul yegenidir.

Herna dunya togalak...
07, Ýanwar-2011ý (03:10)

Teswirlerin uchin, sagbolyn, kop zat owrendim!

Sapienti sat
07, Ýanwar-2011ý (03:23)
Jogapla +1


Gowni pes Magtymgulyda sheyle setir bardyr.
 Razy  men ustumden basyp otseler,
Magtymguly diyip adym tutsalar.
 
Menin pikirimche Magtymgulynyn gozleri,sakgaly, telpegi diyen jedelleri bir gyar goyup biz Magtymgulyny tanamaly,tanatmaly. Onun guldugy,igdigi,haysy taypadygy hakynda jedel edilse biz Turkmen diyen butewilikden dynarys. Goy bu zatlary etniki taryhy owrenijiler owrensin. gerek yeri bolanda peydalanar yaly. Edebiyatda bolsa biz beyiklerin obrazyny suratda dal-de anda,beynide ULALDALYN. 
 

Herna dunya togalak...
07, Ýanwar-2011ý (03:28)
Jogapla +2

Didar, Magtymgulynyň gulýegenidigine birjigem ynanamok. Beýleki türkmen tirelerine seredeniňde gökleňlerde gul az bolmaly. Bu birinjiden. Ikinjiden, Magtymgulynyň döwründe gul bolupmy bir? Eger bolaýan hem bolsa, örän az sanly bolan bolmaly. Ig bilen guluň daýy-ýegenligi häzirki döwürde hem beýle köp däl. 300 ýyl mundan ozal bolsa ig bilen guluň daýy-ýegen bolanlygy has-da şübheli.

Kab
07, Ýanwar-2011ý (03:31)
Jogapla +2

Aýhan Hajyýewiň çeken suratynyň hakykata näderejede golaýlygy barada açylan temada şahyryň süňňi baradaky maglumatlar hökman gerek diýip hasap edýän.

Kab
07, Ýanwar-2011ý (03:34)
Jogapla +2

Türkmen diýen bitewilikden dyndarjak bolýanlar öz ižtimagy gelip çykyşyny bilmeýänlerdir. Şejeräni öwrenmek tire-taýpa dawasyna eltenok. Tire-taýpa dawasyny edýänleriň asyl Magtymguly bilen işi ýok.

Kab
07, Ýanwar-2011ý (03:42)
Jogapla +2

Didar, Magtymgulyny tanatmak üçin onuň her setiri barada bir mowzuk açmak gerek. Diňe mowzuk açanyň bilenem tanadyp bolmaz, eger ýeterlik sowadyň bolmasa.
Şahyryň köp-köp goşgulary syr bolup dur. Ony teswirlemek üçin uly ylym derwaýys.

Kab
07, Ýanwar-2011ý (03:47)
Jogapla +1


kAB ! Siz goklenlerde gullar yokdur diyyaniz tutargynyz name?  Name sebapli goklenlerde gul bolmaly dal? Aslynda gul diysen kop. Eger sen gelsen churi manlay,mole goz, edil churi telpekli goklenleri islendik wagtyn gelde goray. Goklenlerin arasynda churi telpek geymek has yorgunlidir. Onun hem sebabi olaryn elmydama charwa kurmanjlar bilen golay yashamagy bolup biler.Elmydama kurmanjlar turkmen obalaryny talamak bilen meshgul bolupdyrlar. Meselem menin atamuyn 3 ayaly bar eken.Shondan birinji ayalyndan biz Igler,ikinji we uchunji gyrnak ayallaryndan bolsa gullar onupdirler. Indi olar bize igagalar,biz olaar gulgardashlar diyyas.

Herna dunya togalak...
07, Ýanwar-2011ý (03:49)
Jogapla +1

Gel gowusy sana ,,men magtymgulynyn garyndashy diyyanleri,, gorkezeyin. Onson gurruni dowam ederis.

Herna dunya togalak...
07, Ýanwar-2011ý (03:53)
Jogapla +2

Tuweleme 

Podderji ote4estvenogo predprenematelya :D eyesinden.com

Teswir ýazmak üçin içeri giriň